Derwezede dynç alyş: (3 gün / 2 gije)
Derweze gaz kraterine syýahat ediň — dünýäde meşhur “Jehenneme gapy” diýlipatlandyrylýan bu ýer Garagum çöliniň içinde ýerleşýär.
Aşgabat şäherine gezelenç edip, meşhur binagärlik ýadygärliklerini görüň.
Ahalteke atlary bilen tanyşyň — türkmen halkynyň buýsanjy bolan bu atlar dünýäni haýrana goýýar
Ugurlar has–da elýeterli.
Köp syýahatçy — has amatly bahalar!
Irden: Aşgabat Halkara Howa menziline gelip, toparymyz sizi mylaýym garşy alar we myhmanhanaňyza rahatlyk bilen eltýär. Myhmanhanada ýerleşip, biraz dynç alyň. Soňra häzirki zaman “Berkarar” söwda merkezine gezelenç edýäris.
Günortan / Agşam: Nahar wagtyndan soň, Aşgabatdan demirgazyk tarapa ugraýarys. Ilki bilen “Bokurdak” diýen oba baryp, türkmen halkynyň gündelik durmuşyny synlaýarys. Soňra meşhur “Derweze” gaz kraterine tarap syýahatymyzy dowam etdirýäris. Kratere barmazdan öň, kiçi bir çölde ýaşaýan göçme oba bilen tanyşlyk bolýar. Agşam wagtynda krateriň ýalpyldawuk we täsirli otly görnüşini synlaýarys.
Gije: Ak öýlerinde gijeki dynç alyş.
Ertirki nahardan soň, Aşgabat şäherine gaýdyp gelinýär. Syýahatymyz meşhur atçylyk toplumynda dowan edýär nado pisat’ vmesto at fermasy.dowam edýär, bu ýerde türkmen halkynyň buýsanjy bolan ajaýyp ahalteke atlary bilen tanyşarsyňyz.
Türkmen adaty bolan çaý arakesmesi bilen dynç alyň, ahalteke atlarynyň täsirli görkezilişini synlaň we bu ajaýyp jandarlar bilen atçylyk toplumynda duşuşyň.
Soňra, güýçli we wepaly alabaýlar bilen tanyşmak üçin türkmen däp–dessurly Türkmen alabaý itleri assosiýasyna barylýar — bu dünýäniň iň gadymy it tohumlarynyň biridir we türkmen halkynyň ýene bir buýsanjydyr.
Soňra, türkmen şaýsepler dükanlaryna gezelenç edip, milli şaý-sepleri we el işlerini synlap bilersiňiz, hatda milli egin–eşikleri geýip görmek mümkinçiligi hem bar.
Gün Gypjakdaky “Türkmenbaşynyň Ruhy” Metjidine we Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň mawzoleýine baryp tamamlanýar. Gije — otelde dynç alyş.
Aşgabat Halkara Howa Menziline ugratmak— uçuş üçin ugradylýar.
Syýahat tamamlanýar.