Biz barada
Close

Contacts

Turkmenistan, Ashgabat City

Neutral Turkmenistan Avenue, Office-94

+(993) 12216509

+(993) 12216510

+(993) 12216511

contact@co-travels.com

director@co-travels.com

Garaşsyzlyk binasy

1(3)(1)

Garaşsyzlyk binasy — paýtagtyň iň dabaraly gözelligi bolup, onuň beýikligi 118 metre barabar. Binanyň töwereginde Türkmenistanyň orta asyrlarda ýaşan döwlet işgärleriniň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen. Onuň içinde muzeý ýerleşýär. Muzeýiň gymmatlyklary Türkmenistanyň taryhy, özbaşdaklygynyň gözbaşlary barada gürrüň berýär. Binanyň töweregindäki giň meýdanda gelşikli seýilgäh bolup, ol agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň täsin görnüşleri bilen bezelendir. Seýilgähiň tutuş meýdanynda ýerleşen owadan suw çüwdürimleriniň kompozisiýalary salkynlyk berýär.
Adatça, daşary ýurtly myhmanlar Garaşsyzlyk ýadygärliginiň golaýynda hormatly myhmanlar üçin niýetlenilen ýerde ýaş agaç ekýärler.

Teswir ýazyň

Your email address will not be published. Required fields are marked *