Magtymguly etrapda naryň ýygym möwsümi dowam edýär
Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Magtymguly etraby Günbatar sebitiň subtropik etrabynda ýerleşýär. Özboluşly tebigy gözellikleri, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, ajaýyp syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen meşhur bolan bu etrapda Ýer ýüzüniň yklymlarynda ösýän dürli baglaryň köpüsine duş gelmek bolýar.
Magtymguly etrabynyň daýhan birleşikleriniň tejribeli kärendeçi daýhanlary, zehinli alym-agronomlary, bagbanlary, hususyýetçileri şeýle baglary ösdürip ýetişdirmegiň ussady hasaplanýarlar. Olar subtropik etrap boýunça diňe bir baglary, gülleri, miweleri ýetişdirmek bilen çäklenmän, eýsem oba hojalyk ekinlerinden bol we ýokary hilli hasyl almakda hem hemişe öň hatarda bolýarlar. Ekerançylar şu ýylam döwlete bugdaý, pagta tabşyrmagyň şertnamalaýyn borçnamalaryny Günbatar sebitde ilkinjileriň biri bolup, üstünlikli berjaý etdiler.
Şu ýylyň geçen hasabat döwründe Balkan welaýatynda dürli baglardan miweleriň 14,1 müň tonnasy alyndy. Şonuň deň ýarysyndan, 7.5 müň tonnadan gowragynyň bolsa Magtymguly etrabynyň ýer eýeleriniň paýyna düşýändigi has-da guwançly hakykatdyr.
Bu etrabyň oba zähmetkeşleri alma, armyt, erik, ülje, injir, pisse, hoz, garaly, şetdaly, üzüm ýaly şirin-şeker, miweli önümleriň bol hasylyny ýygnap, terligi bilen welaýatyň, paýtagtymyzyň sarp edijilerine ýetirdiler.
Şu günlerde hem Sumbar, Çendir jülgeleriniň bol nar hasylyny ýygnamak işleri oňat alnyp barylýar. «Gözel Sumbaryň nary» diýen umumy at bilen dünýä meşhur bolan derde derman narlaryň häzirki ýygym möwsüminiň netijeleri-de onuň bereket bolçulygyndan habar berýär.
Bu işler etrabyň Magtymguly, S.Nyýazow adyndaky, «Ýeňiş», «Sumbar» daýhan birleşiklerinde has-da guramaçylykly dowam edýär. Şeýle-de ady agzalan gözel jülgelerdäki ekologik taýdan arassa, arzyly, datly nygmat bolan narlar ykdysady taýdanam girdejilidir.
Olar saglyk üçin hem juda peýdaly, ýokumly önüm bolup, şol sanda mynasyp sowgatlyk miwe hasaplanýar.Häzirki wagtda etrapda dürli eýeçilikdäki nar baglarynyň tutýan meýdany 350 gektar bolup durýar. Bu ýerde öňdebaryjy hasyl ussatlary her gektardan agrotehniki talaplara görä, dört tonna hasyla derek ondan iki-üç esse köp hasyl almagyň hötdesinden gelýärler.