Ýurdumyzyň ajaýyp tebigatly Nohur obasy
Biziň ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Uçut gaýaly, dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän çägeli sähralarymyz, tolkun atyp ýatan deňiz-derýalarymyz, bal suwly dag çeşmelerimiz, diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözellik berýär.
Türkmen halky asyrlar boýy gözel tebigatymyzy gorapdyr we tebigat täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Şonuň üçin hem, türkmenlerde tebigata bolan aýratyn sarpa, hormat asyrlar boýy saklanyp galyp, nesillerimiziň aňyna ornaşypdyr.
Ýurdumuzda Şeýle ajaýyp tebigatly ýerleriñ biri hem Ahal welaýatynyñ Bäherden etrabynyň Nohur obasydyr. Obanyň örän owadan tebigaty, süýji suwly çeşmeleri, jana şypa berýän arassa howasy bar. Oba ilaty ata-babalardan miras galan bu gözel tebigaty gözüniň göreji ýaly aýap saklaýar. Her ýylda ýüzlerçe myhman obanyň “Peýdalan baba” çeşmesine kölege berip duran “Gowakly çynaryny” görmâne “Gyzbibi” öwliýäsine zyýarat etmäne, gojaman Köpetdagyň Manaman gerişini synlamana, geçi süýdi, peýnir, motal, bal ýaly derde derman iýmitlerden almana gelýärler.