Türkmenistanda 8 gün / 7 gije adaty (klassik) syýahaty.
Merkezi Aziýanyň ýüreginde geçýän 8 günlük, 7 gijelik syýahatymyz bilen Türkmenistanyň baý medeniýeti bilen giňden tanyşyň. Syýahat paýtagt şäheri Aşgabatdan başlanýar — ajaýyp binagärligi we joşgunly medeniýeti bilen tanalýar. Soňra, Nusaý ýaly taryhy ajaýyplyklara — gadymy Parfiýa imperiýasynyň merkezi bolan ýere we Köneürgenç — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren, Ýüpek ýolunyň taryhy bilen baýlaşan şäherine gezelenç edýärsiňiz. Şeýle hem, gadymy medeniýetiň möhüm merkezleri bolan Merw we Goňurdepe şäherlerini öwrenersiňiz. Hazar deňziniň rahatlygyndan lezzet alyň we Ýangygala kanýonlarynyň täsin tebigy görnüşlerini synlaň. Bu giňişleýin syýahat medeni çuňňurlyk, taryhy gözleg we tebigy gözellik bilen utgaşyp, sowadyjyly awtoulaglar bilen rahat syýahat etmegi hödürleýär. Ýokary derejeli ýolbeletler (Gid) bilen syýahatyňyz has-da gyzykly.
Aşgabadyň halkara howa menziline gelmek. Ýolbelet Sizi garşy alar we myhmanhana alyp gider. Myhmanhana gelnenden soň bellige alnar we ýatymlykotag berler. Ýatymlyk gije — Aşgabatda.
Ertirlik — myhmanhanada. Ertirlikden soň Köpetdagyň aýagyndaky beýik ýerdeýerleşen Nusaýyň taryhy seýilgähine syýahat. Nusaý öz gadymyýetini b.e.öňkiIII asyrda bu sebitleri dolandyran parfiýaly baştutanlaryň döwründen bäri alypgaýdýar. Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine we Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň mawzoleýine zyýarat edersiňiz. Ahaltekeatlarynyň atçylyk toplumy hem bar. Bu ajaýyp bedewleri howpsuz aralykdansynlamak isleýän syýahatçylar ahalteke atlarynyň köpsanly atçylyk fermalarynawe toplumlaryna gezelenç edip bilerler. Ýatymlyk gije — Aşgabatda.
Ertirlik — myhmanhanada. Daşoguza şäherine irdenki uçuş üçin howamenziline gelmek (uçuşyň wagty üýtgäp biler). Köneürgenje syýahat – Köneürgenjiň ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawynda ýer eýelemeginiň sebäbi, onuň Çingiz hanyň goşuny tarapyndan weýran bolmagyndan öň Amyderýanyňwe Horezm imperiýasynyň paýtagtynyň ugrundaky Ýüpek ýolunyň esasy şahasybolmagydyr (b.e. 12 asyry). Birnäçe kümmetler, şäher diwarynyň galyndylary, Merkezi Aziýanyň iň beýik minarasy we Kyrk-molla zyýaratçylyk dagy butaryhy şäheriň Biruni we Ibn Sina, Al-Faraby we Al-Horezmi ýaly taryhyşahsyýetleriň öz eserlerinde wasp eden dürli rollaryny görkezýär. Daşoguzyňhowa menziline Aşgabada uçýan agşamky uçuşa gelmek (uçuşyň wagty üýtgäpbiler). Gelnenden soň myhmanhana ugramak. Ýatymlyk gije — Aşgabatşäherinde.
Ertirlik — myhmanhanada. Howa menziline Mara uçýan irdenki uçuşa ugramak(uçuşyň wagty üýtgäp biler). Taryhy ýeri bolan Goňurdepä syýahat (90 km). Goňurdepäniň gözel ýerlerine gezelenç – 1971-nji ýyldan bäri arheologikitoparlar bu sebitiň Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý bilen bir hatardagadymy siwilizasiýanyň bäşinji merkezi hökmündedigini subut edýän açyşlaretdiler. Gadymy Merwe syýahat. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň şahalarynyňkesişmesinde ýerleşip, gadymy dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolupdyr we Bagdat, Kair we Damask bilen bir hatarda iň esasy yslam paýtagtlarynyň biribolupdyr. Ýolbelet bilen syýahat: Gyzgala, Erkgala, Soltangala, Soltan Sanjaryňkümmeti, Ibn Zeýdiň kümmeti. Mara dolanmak. Ýatymlyk gije — Maryşäherinde.
Ertirlik — myhmanhanada. Ertirlikden soň Marynyň howa menziline ugramak, soňra Aşgabada uçmak (uçuşyň wagty üýtgäp biler). Aşgabatda Osman imperiýasyny esaslandyran Osman I-iň kakasy Ärtogrulyň şanyna gurlanÄrtogrul Gazy metjidine syýahat. Garaşsyzlyk seýilgähi, bu seýilgäh şäheriň iňgözel ýerleriniň biri hasaplanýar. Bitaraplyk binasy seredilýän meýdança bolupdurýar. Milli muzeý – 1998-nji ýylda açylan, muzeýiň 9 sany taryhy otaglaryndaTürkmenistanyň dürli gazuw-agtaryş işlerinde tapylan Türkmenistanyň taryhysungat eserleriniň toplumy ýerleşdirilendir. Ýatymlyk gije — Aşgabatda.
Ertirlik — myhmanhanada. Aşgabadyň howa menziline Türkmenbaşa uçýanirdenki uçuşa ugramak (uçuşyň wagty üýtgäp biler). Gelnenden soňmyhmanhana ýerleşmek. Hazar deňzinde syýahatyňyz dynç almak bilengeçiriler. Ýatymlyk gije — Türkmenbaşyda.
Ertirlik — myhmanhanada. Balkan dagyndan geçýän Ýangygala kanýonlarynabir günlük syýahat. Haýran galdyryjy ak, ýaşyl we gyzyl hekli emele gelmelerçölüň çägelerinden ýokary galýar. Bu gaýalar çäksiz kenarýaka zolaklaryň we gadymy Paratetis deňziniň düýbüniň galyndylary bolup durýar. Bular ýaly göz öňüne getirip bolmajak tebigat günüň islendik wagtynda haýran galdyrýar, emma günüň dogmagy we ýaşmagy aýratyn ajaýyp tebigaty suratlandyrýar. Bu sebite diňe uly ulaglarda Balkan daglaryndan we düýeleriň, goýunlaryň we atlaryň bakylýan meýdanlaryndan geçip gelmek bolýar. Agşamlyk piknikgörnüşinde kanýonlarda bolar. Kanýonlary ýörite ulaglarda ýa-da ýöräpaýlanarsyňyz. Aşgabat şäherine uçmak üçin Türkmenbaşynyň halkara howa menziline gelmek we agşamky uçuşda (uçuşyň wagty üýtgäp biler), paýtagda gelmek, soňra myhmanhana ýerleşmek. Ýatymlyk gije — Aşgabatda.
Ertirlikden soň, Aşgabat şäheriniň halkara howa menziline halkara uçuşyňyz üçin ugradylarsyňyz.