Biz barada
Close

Turkmenistan, Ashgabat city,

Bitarap Turkmenistan Avenue,

Ak-Maya Building, Office – 94

WhatsApp number:

+(993) 65400420

+(993) 63459922

+(993) 65504341

+(993) 62937557

contact@co-travels.com

director@co-travels.com

maksat@co-travels.com

Beýik Ýüpek Ýoly — 5 gün / 4 gijelik syýahat

Beýik Ýüpek Ýoly — 5 gün / 4 gijelik syýahat

Türkmenistanyň giň çäklerinde 5 gün 4 gije dowam edýän bu gezelenç Farap serhedinden başlap, Daşoguz serhedine çenli uzalýar. Syýahatyň dowamynda Garagum sährasynyň gyzgyn çägelerinden gadymy Merwe çenli taryhy we tebigy täsinliklere syýahat edersiňiz. Aşgabadyň döwrebap binagärçiligi bilen taryhy desgalarynyň sazlaşygyny görersiňiz. Köw-Ata ýerasty kölüne, Nohur obasyna, Derweze gaz kraterine syýahat edip, UNESCO-nyň sanawyna girizilen gadymy Köneürgenç şäheri bilen syýahatyňyz tamamlanýar.

Türkmenistanyň Farap serhetinden Syýahatyňyz başlanýar. Syýahatyň dowamynda Garagum sährasynyň tebigy baýlyklaryna synlap, Mary şäherine gelýäñiz. Syýahatyňyzyň birinji güni Mary şäheriň myhmanhanasynda tamamlanýar.

Güniňiziň ertirligini myhmanhanaňyzda başlap, syýahatyňyzy Gadymy Merw şäherine (galasyna) syn ediň. Gadymy Merw galasynda Siz Uly we kiçi gyz galasyna (VI-VII asyr), Erk galasyna (b.e.ö VI asyr) Gäwir galasyna (b.e.ö IV asyr), Sahaba Büreýde bin Husaýb el-Esleminiñ (Büreýde Baba), Seljuk imperiýasynyň soňky patyşasy Soltan Sanjaryň we Hoja Ýusup Hamedaniniň mawzoleýine syýahat edersiňiz. Soňra Mary şäherinde ýerleşýän Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine baryp, bu sebitleriň baý taryhy bilen tanyşarsyňyz.
Güniň ikinji ýarymynda şäheriň halkara aeroportyna gelip, uçar gatnawy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň halkara howa menziline gonýaňyz we syýahatyň ikinji güni myhmanhana ýerleşmegiňiz bilen tamamlanýar.

Güniňiziň ertirligini myhmanhanaňyzda başlap, syýahatyňyzyň ücinji günini Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý galasyna ugur alarsyňyz.
Soňra syýahatyňyzy Merkezi Aziýada iň uly Metjit hasaplanýan, Gypjakda ýerleşýän Beýik Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine, güniň ikinji ýarymynda bolsa, 2013-nji ýylda dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat şäherine syýahatyňyzy dowam edersiňiz. Soňra bolsa agşamara syýahatyňyzyň ücinji güni tamamlanyp, myhmanhanaňyzya ýerleşýäňiz.

Güniňiziň ertirligini myhmanhanaňyzda başlap, syýahatyňyzy türkmeniň milli buýsanjy bolan – Ahalteke atlaryny synlamak üçin, atçylyk toplumyndan başlaýaňyz. Soňra güniň ikinji ýarymynda Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän “Garagum ýalkymy” diýip tanalýan Derweze gaz kraterine tarap syýahatymyz dowam edýär.

Syýahatyňyzyň 5-nji günini ertirligiňiz bilen başlaň we 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy hökmünde ykrar edilen Horezmiň paýtagty bolan Köneürgenç şäherine syýahatyňyzy dowam ediň. Syýahatyň dowamynda Siz Köneürgenç şäherinde ýerleşýän gadymy ýadygärlikler bilen tanyş bolarsyňyz. Soňra syýahatyňyzyñ soňunda Türkmenistan bilen Özbekistan döwletiniň serhedinde ýerleşýän Şabat serhet geçelgesine gelip, syýahatyňyz tamamlanýar.