Türkmenistanyň mukaddes topragynda 7 gün/ 6 gijelik syýahat
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.
Ir bilen myhmanhanada mähirli garşy almalardan soň, dynç alyň. Günortanlyk naharyndan soň, ak şäher Aşgabadyň ýatdan çykmajak, özüniň owadanlygy bilen haýrana goýýan birnäçe binalaryna, ýadygärliklerine ýagny: Garaşsyzlyk, Bitaraplyk we Konstitusiýa binalaryna, soňra ýerli restoranda türkmeniň milli tagamlaryny dadyp görüň. Tagamlary dadyp görenimizden soňra, ýüzýyllyklaryň sungaty bolan türkmeniň Haly muzeýine gezelenç ediň. Gezelenjimizi muzeýden soňra, paýtagtymyzda ýerleşýän “Älem” medeni dynç alyş merkezinden şäheriň gözel ýerlerini syn ediň. Şäheriň ýagty köçeleri bilen gijeki gezelenje başlaň — şol gezelençde Bagt köşginiň ýanynda hem duryp, gijeki ajaýyp görnüşi synlarys.
Irden nahardan soň, Parfiýa döwletiniň gadymy mukaddes ýeri bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň sanawyna girizilen “Gadymy Nusaý” bilen tanyşmak üçin ýola düşeris. Bu ýadygärlik b.e. öňki III asyrdan b.e. III asyryna çenli uzalyp gidýän taryhy özünde jemleýär.
Günortan naharyndan soň, sagat takmynan 15:00-da bokurdak obasyna tarap ýola düşýäris. Bu ýerde türkmen obalarynyň gündelik durmuşy bilen tanyş bolarsyňyz. Soňra ýoluňyz Garagum sährasynyň ýüreginde ýerleşýän häzirki zaman Türkmenistanyň iň özüne çekiji ýerleriniň biri bolan Derweze gaz kraterine düşýär. Agşamara “Jehennemiň derwezesi” diýip tanalýan gaz krateriň haýran galdyryjy şöhlelerini synlarys. Ýyldyzlaryň astynda agşam naharynda kebabyň lezzetini alyň, gijeki tebigatda ýadygärlik suratlaryny düşüriň we türkmen çarwa dünýäsi bilen ýaşamak üçin ýörite gurlan milli ak öýlerinde, çadyrlarda dynç alyň.
Irden ertirlikden soň Aşgabada dolanyp, medeni syýahatyňyzy dowam edersiňiz. Ilki bilenTürkmenistany dünýä ýüzünde tanadan baýlyk — ahalteke bedewleriniň saklanýan meşhur atçylyk toplumyna baryp syýahat edersiňiz.
Soňra bedewleriň kiçeňräk çykyşyna tomaşa edip, bu atlaryň gözelligine haýran galyp, olar bilen ýakyndan tanyşarsyňyz. Soňra dünýäde iň gadymy, güýçli we wepalylygy bilen tanalýan — türkmen alabaýlaryny görmek üçin “Türkmen alabaý itleri assosiasiýasyna”syýahat edersiňiz. Türkmen şaý-sepleriniň dükanlarynda gezelenç edip, el işi bolan tikilen milli dokma önümleri bilen tanyşarsyňzy. Güniň ahyrky syýahatynda Orta Aziýada iň uly hasaplanýan Gypjakdaky “Türkmenbaşynyň Ruhy” metjidine we Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýadygärlik mawzoleýine zyýarat edersiňiz. Gije Aşgabadyň myhmanhanasynda dynç alyş bilen tamamlanar.
Ertirlikden soň, Aşgabadyň günbatarynda ýerleşýän ajaýyp ýadygärlikleriniň biri bolan Köw-Ata ýerasty kölüne tarap ýola çykarsyňyz. Soňra, daglaryň eteginde ýerleşýän, Köpetdag dagynyň gerişinde ýerleşýän Nohur obasyna tarap syýahatyňyz dowam ediň. Bu obanyň ýaşaýjylarynyň jaýlary daşdan we palçykdan gurlan, öz däp-dessurlaryny saklap gelen, ruhy asudalygy bilen tanalýan mekandyr. Güni tamamlamak üçin, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherine tarap herekete dowam edýäris.
Ertirlikden soň günüňizi ruhy taýdan baý Gözli-Ata zyýarathanasyna baryp başlaň. Soňra syýahatyňyzy Ýangygala kanyonynyň gözel ýerlerine dowam ediň. Gülgüne, ak we sary gumdaş gatlaklary bilen Sizi haýran eder.
Ýangy gala kanýony özboluşly owadan ýer Balkanabatdan 165 km demirgazykda we Türkmenbaşydan 160 km gündogarda ýerleşýär. Ol ýerli ialtyň hem-de syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Kert gaýadaky darajyk köwe çykyp, aklyňy haýran edýän görnüşe bakyp gözüň doýmaýar. Ol «Otly gala» diýen many berýär. Ýangy gala ençeme asyr mundan ozal tebigatyň gyzyl, ak, sary we narynç öwüşginlerden ýasan äpet we mäkäm galasyny ýada salýar. Onuň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň ýerli ilat oňa Gyzyldag diýýär.
Şondan soň syýahatymyz Hazar deňzine tarap dowam eder. Hazar deňziniň kenarynda tämiz howanyň şemaly bilen rahatlarsyňyz we deňiziň kenarynda gezelenç edersiňiz. Soňra agşamara Türkmenbaşynyň halkara aeroportuna gelip, uçar bilen Aşgabat şäherine uçarsyňyz
Ertirlikden soň taryhy we özüne çekiji Mary şäherine tarap ýola düşüň. Ilki bilen ýerli bazarda, şäher merkezinde we töwerekdäki gözel ýerlerde gysga gezelenç sizi garaşýar. Soňra — taryhyň çuňňur gatlaklaryna aralaşýan syýahat. Beýik Ýüpek ýolunyň buýsançly döwründe Bagdat, Kaýyr we Damask bilen deň derejede duran gadymy Merve ugur alyň.Gid bilen bilelikde meşhur ýadygärlikler bilen tanyşyň: Gyz Gala, Erk Gala, Soltan Gala, Sultan Sanjaryň Mausoleýi, Aşby, Ýusup Hamedani we Ibn Zeýid Mausoleýi.Soňra ― Gadymy Türkmen Ojaklaryna geçiň, bu ýerde siz hakyky türkmen medeniýetiniň içine düşersiňiz: ýerli tagamlary dadyp görüň, köne däp-dessurlara tomaşa ediň, isleseňiz at münmäge hem mümkinçilik bolar.Güni tamamlamak üçin — Marguşdan we Merwden tapylan gymmatly taryhy eserler saklanýan Taryh muzeýine baryp görüň. Agşamlyk bolsa, ýerli restoranda lezzetli nahar bilen tamamlanar.
Güniňiziň ertirligini myhmanhanaňyzda başlap, Aşgabada tarap ugramak üçin ýola düşersiňiz.
Soňra — Aşgabat halkara howa menzilinden uçuşyňyzy amala aşyry, syýahatyňyzy tamamlarsyňyz.